Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gazyň, 8 million 382,3 müň tonna nebitiň çykarylandygy barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda dizel ýangyjynyň öndürilişiniň 9,8 göterim, benziniň öndürilişiniň 6,2 göterim, kerosiniň öndürilişiniň 5,4 göterim, nebit bitumynyň öndürilişiniň 26,4 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişiniň 5,2 göterim, sementiň öndürilişiniň 40,9 göterim, armatur, demir önümleriniň öndürilişiniň 22,3 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişiniň 10,1 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişiniň 7,3 göterim, unaş önümleriniň öndürilişiniň 5 göterim, mesge ýagynyň öndürilişiniň 2,9 göterim artdygyny mälim etdi.
Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe senagat önümleriniň gymmatlyk möçberi nah ýüplükler boýunça 11 göterim, nah matalar boýunça 16,7 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem Döwletgeldi Amanmuhammedow 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ulag we aragatnaşyk pudagynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň 3,7 göterim, ýolagçy dolanyşygynyň 5,3 göterim artandygyny habar berdi. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi bolsa 19,6 göterim ýokarlandy.
Mundan başda-da, Türkmenistanyň oba hojalygynda öndürilen gök önümler, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,8 göterim, bakja önümleri 11,7 göterim, ýeralma 4,7 göterim, ýumurtga 8 göterim, süýt 2,1 göterim artdy. 2025-nji ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy, diýip habarda bellenilýär.
Şeýle-de mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylda Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýynyň hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýleriniň, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň ulanylmaga beriljekdigini aýtdy.


















