Türkmenistanyň Prezidenti ýurtdaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti ýurtdaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde surata düşýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Haýyr-sahawat gaznasy döredilen wagtyndan bäri abraýly halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, käbir halkara guramalaryň wekillerini Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy, ähli türkmen halkyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow mejlise gatnaşyjylaryň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Türkmenistanyň Prezidentini gaznanyň döredilmeginiň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022