Mary welaýat Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Tagtabazar etrabyndaky “Maldar” maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary 2026-njy ýylyň owlak-guzy möwsüminde ene dowarlaryň 84 müň 105-sinden 77 müň 999 owlak-guzy almagy meýilleşdirýärler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, “Maldar” maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary hazirki wagtda ownuk şahly mallaryny Pendi ýaýlasynyň ot-çöpe baý, önüm almaga örän amatly meýdanlarynda bakýarlar.
Habarda bellenilişi ýaly, ýaş mallaryň hasabyna tohumlyk sagdyn owlak-guzulardan täze toparlaryň onlarçasy döredildi.
Geçen ýylyň maý aýynyň başynda Türkmenistanda idedilýän goýun-geçileriň sany 6,4 million başa ýetipdi.

















