“Ojar Aziýa” Mary şäherinde 187 sany kottejiň gurluşygyny amala aşyrýar

BT
“Ojar Aziýa” Mary şäherinde 187 sany kottejiň gurluşygyny amala aşyrýar
“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly iri halkara sergisinde, 2026-njy ýylyň 2-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy Mary şäherinde iki gatly 187 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk taslamasyny amala aşyrýar. Ýaşaýyş toplumy Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat–Mary böleginiň ugrunda ýerleşýän 22 gektar meýdanda gurulýar. Häzirki wagta çenli kompaniýa 59 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýyny gurup ulanmaga berdi. Bu barada kompaniýanyň wekili “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, “Ojar Aziýa” kompaniýasy şol bir wagtda sebitiň ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işlere hem gatnaşýar. Kompaniýa Mary şäheriniň awtoulag ýollaryny täzeden gurmak, daýhan birleşiklerine eltýän ýollary çekmek, täze awtoulag ýollary gurmak ýaly taslamalary amala aşyrýar. Bu özgertmeler şäher we oba ýerlerini, hususan-da Murgap hem-de Wekilbazar etraplaryny öz içine alar.

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy gurluşyk pudagynda alyp barýan işlerinden daşary ýene-de birnäçe maýa goýun taslamalary amala aşyrýar. Kompaniýa Serhetabat etrabynda döwrebap un öndürýän toplumy döretmegi meýilleşdirýär. Un öndürýän toplumyň düzümine degirmen we dänäni kabul etmekden, guratmakdan başlap, gaýtadan işlemäge hem-de saklamaga çenli ähli tapgyrlary öz içine alýan doly aýlawly elewator girýär.

Şeýle hem Mary etrabynda köpugurly maldarçylyk toplumynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Onuň taslama kuwwaty ýylda 3 müň 450 tonna sygyr süýdüni, 360 tonna geçi süýdüni we 110 tonna et öndürmäge niýetlenendir.

Kompaniýanyň wekiliniň habar bermegine görä, Serhetabat etrabynda awtoulag syýahatçylygy üçin infrastrukturaly myhmanhana toplumynyň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Ojar Aziýa kompaniýasy 2008-nji ýylda esaslandyrylyp, ol ýol gurluşyk, ulag-logistika hyzmatlary, ýaşaýyş we senagat gurluşygy, şeýle-de jemagat infrastrukturasyny ösdürmek ýaly ugurlarynda taslamalary amala aşyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС