Türkmenistanda birnäçe etraplaryň häkimleri we häkimleriň orunbasarlary wezipä bellenildi

BT
Türkmenistanda birnäçe etraplaryň häkimleri we häkimleriň orunbasarlary wezipä bellenildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasy, Aşgabat şäheri, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni ýurduň birnäçe etraplarynyň häkimlerini we häkimleriniň orunbasarlaryny wezipeden boşatdy we täze wezipä belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi Baýram Seýlapberdiýewiç Çungaýew başga işe geçmegi sebäpli we Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkimi Magtymguly Saryýewiç Saryýew pensiýa gitmegi sebäpli işden boşadyldy.

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkimi wezipesine Azat Rejepmyradowiç Gurbanow,  Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesine bolsa Merdan Bebitowiç Poladow bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Nureddin Batyrowiç Saýypow Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Emirhan Orazmämmedowiç Geldiýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy we bu wezipä Ezizgeldi Meretgeldiýewiç Aşyrow bellenildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Serdar Kakamyradowy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Gurban Hemrakulowiç Kerimowy, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Nurjan Sapardurdyýewiç Nurmedowy, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Berdimyrat Babamuradowiç Öwezberdiýewy, ebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Zahid Ýusupowiç Hasanowy, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Baýram Seýlapberdiýewiç Çungaýewy bellemek hakynda Karara gol çekdi.

Mundan başga-da, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkiminiň orunbasary Nurmyrat Şadurdyýewiç Muhommedowyň üstüne ýüklenildi.

2022