Daşoguz welaýaty boýunça şu ýyl 650 gektara Hytaýdan getirilen “Zolotaýa Selina — 1565”, “Sinsziýan Szinhua — 98”, “Sinluszao — 64”, “Szinken — 1402”, “Sinşi — 518”, “Hinluzhong — 87”, “Sinluszao — 78” gowaça sortlary ekilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Hytaýdan getirilen gowaça sortlarynyň bir bölegi Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çägindäki 450 gektar ýerinde ekilýär.
Şeýle hem gowaçanyň hytaý sortlary hasyllylygy, ösüşiniň ýokarylygy, gurak howa şertlerine we dürli zyýan berijilere çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Sinszýan tehnologiýasy esasynda ekilmegi gurak howa şertlerinde gowaçadan ýokary hasyl almaga mümkinçilik berýär.
“Paýdarlar jemgyýetiniň çägindäki 450 gektar meýdanda Hytaýyň “YTO” kompaniýasynda öndürilen traktorlar bilen gowaça ekişi täzeçe usulda alnyp barylýar” diýip, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Rasul Sadullaýew aýtdy.
Şu ýyl Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde 7 müň 500 gektara golaý meýdana gowaça ekiler. Şonuň 2 müň gektaryna Özbegistan Respublikasyndan getirilen “Horezm — 127” gowaça sortuny ekmek meýilleşdirilip, degişli işleri geçirilýär.

















