Mary welaýatynda ownuk şahly mallaryň sany 5,9 milliondan geçdi

BT
Mary welaýatynda ownuk şahly mallaryň sany 5,9 milliondan geçdi
Türkmenistandaky ownuk şahly mallar

Mary welaýatynda ownuk şahly mallaryň sany 1-nji aprel ýagdaýyna görä 5,9 million başdan geçdi. Hasabata görä, welaýatyň oba hojalyk birleşiklerinde ownuk şahly mallaryň 726 müň baş sany, hususy pudakda bolsa — 5 million 226 müň baş sany hasaba alyndy. Bu barada çarşenbe güni çap edilen “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Murgap jülgesinde owlak-guzy almak boýunça möwsüm mart aýynyň ilkinji günlerinden başlandy we ilkinjileriň hatarynda Tagtabazar we Türkmengala etraplary işe girişdi. Welaýatyň maldarlarynyň oktýabr aýynyň ahyrynda ownuk şahly mallar üçin ot-iýmini meýilleşdirilen möçberde taýýar edip goýmaklary sowuk möwsümde mallaryň bökdençsiz saklanmagyny üpjün etdi.

Mary welaýaty häzir hem Türkmenistanyň iri maldarçylyk sebitleriniň biri bolmagynda galýar we onuň paýyna ýurt boýunça ownuk şahly mallaryň umumy sanynyň takmynan üçden bir bölegi düşýär. Ownuk şahly mallaryň iň köp sany welaýatyň Tagtabazar etrabynda idedilýär we Murgap jülgesindäki süriniň takmynan dörtden bir bölegini özünde jemleýär.

Geçen ýylyň maý aýynyň başynda Türkmenistanda idedilýän ownuk şahly mallaryň sany 6,4 million başa ýetendigi hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022