Türkmenistanda 2026-njy ýylda “Menzil” ýük gämisi ulanmaga berler

BT
Türkmenistanda 2026-njy ýylda “Menzil” ýük gämisi ulanmaga berler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Gadamly” gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşýar, 2026-njy ýylyň 8-nji maýy, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Türkmenbaşy şäherinde geçirilen “Gadamly” gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda Koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerli hünärmenler tarapyndan şu ýylyň dowamynda ýük gämileriniň ýene biriniň — “Menzil” ýük gämisiniň ulanmaga beriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurtda ýük gämileriniň ulanmaga berilmeginiň milli deňiz-söwda flotunyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam berýändigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Şeýle hem munuň özi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ugradylýan, ýurdumyza getirilýän we üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletlere öz ýüzüşlerini amala aşyrjak bu gämileriň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda belledi.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan “Gadamly” gämisi gury ýüklere niýetlenendir. Onuň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu gämi her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga ukyplydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022