Türkmenistanyň telekeçileri we ulag-logistika pudagynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 8–10-njy sentýabry aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek bäşinji halkara “TransLogistica Romania” ulag we logistika sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Çäre ýük ugradyjylary, daşaýjylary, logistika operatorlaryny, ekspeditor kompaniýalaryny hem-de ulag pudagy üçin sanly çözgütleri hödürleýän üpjün edijileri bir ýere jemlär diýlip, serginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Sergi awtoulag, demir ýol, deňiz we howa gatnawlaryny, multimodal logistikany, ammar çözgütlerini, konteýner terminallaryny we paýlaýyş merkezlerini öz içine alar.
Şeýle hem serginiň dowamynda ulag we logistika pudagynyň sanlylaşdyrylmagyna aýratyn üns berler. Gatnaşyjylar telematika ulgamlaryny, IT-çözgütleri, daşamalary we awtoulag parkyny dolandyrmak platformalaryny, şeýle hem ammarlary awtomatlaşdyrmak we üpjünçilik zynjyrlaryny dolandyrmak tehnologiýalaryny tanyşdyrarlar.
Çärä halkara ulag kompaniýalarynyň, logistika operatorlarynyň, awtoulag parkynyň eýeleriniň, eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýan gulluklaryň, portlaryň, howa menzilleriniň we terminallaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

















