Türkmenistanda ekologiýa we temmäkä garşy göreş boýunça Kararlara gol çekildi

BT
Türkmenistanda ekologiýa we temmäkä garşy göreş boýunça Kararlara gol çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ekologiýa we temmäkä garşy göreş boýunça birnäçe Kararlara gol çekdi. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny” hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramakda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti, şeýle hem ilatyň ruhy we fiziki saglygyny berkitmäge, temmäkä garşy göreşmäge, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny we abadançylygyny ep-esli gowulandyrmaga, adamlaryň ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmaga, şonuň ýaly-da bu ugurda täsirli we toplumlaýyn çäreleri görmäge gönükdirilen Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Mundan başga-da, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine agzalan maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

2022