Türkmenistanyň Gruziýadaky we Owganystandaky ilçihanalary Bütindünýä welosiped gününi bellediler

BT
Türkmenistanyň Gruziýadaky we Owganystandaky ilçihanalary Bütindünýä welosiped gününi bellediler
Welosipedçiler Tbilisi şäheriniň we Gruziýanyň gadymy paýtagty Msheta köçeleri boýunça geçirilen welosipedli ýörişiň dowamynda (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky we Owganystandaky diplomatik wekilhanalarynyň we ýerli hyzmatdaşlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş çäreleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky we Owganystandaky ilçihanalary habar berdi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan 2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda guralan welosiped ýörişine Gruziýanyň Milli welosiped sport federasiýasynyň wekilleri, ýurduň türgenleri we tälimçileri gatnaşdylar. Çäre Tbilisiniň hem-de Gruziýanyň gadymy paýtagty Msheta şäheriniň köçelerinde geçirildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow çäräniň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped gününiň welosiped sportuny ösdürmäge, işjeň durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we ekologiýa medeniýetini berkitmäge ýardam edýändigini belledi. Ol welosiped sportunyň ekologik taýdan arassa sport görnüşi hökmünde Türkmenistanda, şol sanda bütin dünýäde barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny nygtady. Şeýle hem, bu çäräniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanandygy aýratyn bellenildi. Welosiped ýörişi tamamlanandan soň, gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Welosipedli ýörişler Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) Baş konsullygy tarapyndan Hyrat welaýatynda hem geçirildi. Ýörişler Hyradyň Sport we bedenterbiýe müdirliginiň gatnaşmagynda "Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany" şygary astynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan taslamasynyň “Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat" gaz geçirijisiniň ugry boýunça gurnaldy.

Çärä Hyrat welaýatynyň welosipedçileri, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, Hyratdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem daşary ýurtdaky türkmen watandaşlarymyz gatnaşdylar. Welosiped ýörişiniň jemleri boýunça gatnaşyjylara Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

2022