Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede ösdürilýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 43-si bilen berkidildi. Iki ýurt Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Syýasy dialogy ösdürmekde ýokary derejeli saparlaryň möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy. Şu güne çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa dört sapary we Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň Türkmenistana bäş sapary guraldy. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijesinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylandygy bellenildi.
Söwda-ykdysady ulgamda Malaýziýa Türkmenistanyň köp ýyllardan bäri gelýän hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Raşid Meredow häzirki wagtda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň saparyna taýýarlyk görülýändigini we onuň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini belledi hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň resmi saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Mundan ozal Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim PETRONAS milli nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistandaky geljegi uly gaz taslamalaryna gatnaşmak mümkinçiligine seredýändigini mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, iýun aýynyň ortalarynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin malaýziýaly wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geler.

















