Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerine Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýalary bilen turba önümlerini satyn almak boýunça şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän iki Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Kararlara laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri üçin zerur bolan polat turbalary satyn almak maksady bilen Hytaýyň “Julong Steel Pipe Co., Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar. Şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konsernine ulanyş we gözleg-barlag guýularynda gazuw işlerini geçirmek üçin zerur bolan oturtma hem-de buraw turbalaryny satyn almak boýunça Hytaýyň “Wuxi SP Steel Tube Manufacturing Co., Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow nebitgaz pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak, sarp edijileri gaz bilen üpjün etmek, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we olaryň gerimini giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, nebitgaz pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany degişli resminamalara gol çekip, wise-premýere bu ugurdaky işleri geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















