Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nury Gölliýew duşenbe güni Gyrgyz Respublikasynyň energetika ministri Altynbek Rysbekow bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar iki ýurduň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň energetika ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň giňeldilmegi, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Taraplar aýratyn-da elektrik energetikasy pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine üns berdiler.
Energetika ulgamy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Gyrgyzystan bu ugurdaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi hem-de özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler.

















