Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk boýunça milli operatory “Altyn Asyr” täze 72 tor koduny işe girizdi. Bu barada THP habar berýär.
Täze tor kody boýunça halkara formatdaky telefon belgileri +99372xxxxxx görnüşinde ulanylar. Täze kod ilatyň öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryna barha artýan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen işe girizildi.
Täze 72 kodly belgileri “Altyn Asyr”operatorynyň ähli hyzmat ediş nokatlaryndan hereket edýän nyrhnamalar boýunça satyn alyp bolar.
Häzirki wagta çenli “Altyn Asyr” milli operatory 61, 62, 63, 64, 65 we 71 tor kodlaryny ulanýardy. Täze 72 kodunyň işe girizilmegi täze abonentleri birikdirmek üçin belgiler goruny giňeltmäge mümkinçilik berer.
“Altyn Asyr” milli operatory 2004-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň çäginde öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär.

















