Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe günündäki söwdalaşyklarynda jemi bahasy 32,5 million manada deň bolan gurluşyk nebit bitumyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Türkmen işewürleri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen gurluşyk nebit bitumyny satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň çarşenbe günündäki söwdalarynda jemi 11 geleşik hasaba alyndy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

















