ÝHHG Aşgabatda söwda we transport boýunça sebitleýin maslahat geçirýär

BT
ÝHHG Aşgabatda söwda we transport boýunça sebitleýin maslahat geçirýär
Maslahatyň maksady söwdanyň, ulaglaryň we üstaşyr geçelgeleriniň dolandyrylyşynyň ýeňilleşdirilmegini maslahatlaşmak bolup durýar.

2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda ÝHHG-niň "Sebitleýin ykdysady özarabaglanşyklylyk ýolunda – söwda we ulag ulgamynda ýardam etmegiň milli gurallary" atly sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen gurnalan okuw sapagyna ÝHHG-niň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, okuw sapagyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşdylar.                  

Maslahatyň maksady gümrük gurallarynyň, sanly ulgamyň we döwlet hyzmatdaşlygynyň sazlaşdyrylmagy arkaly söwdanyň, ulaglaryň we üstaşyr geçelgeleriniň dolandyrylyşynyň ýeňilleşdirilmeginiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy bolup durýar.

Maslahat 2019-njy ýylyň 22-nji maýyna çenli dowam eder.

2022