Goňşy Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň wekiliýeti ýurdumyzda iş saparda boldular. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň meýilnamasy esasynda guralan gezelençde myhmanlar ülkämiziň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.
Özbek myhmanlar iki ýurduň Ýaşlar birleşmeleriniň arasyndaky şeýle saparlary ýygy-ýygydan gurnamagy meýilleşdirýändiklerini belläp, Özbegistanda türkmeniň milli aýratynlyklaryna uly sarpa goýulýandygyny aýtdylar.
Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Ýaşlar guramasynyň başlygy ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň birnäçesiniň okaýandygyny, Buhara şäherinde olaryň sanynyň 30-dan geçýändigini aýratyn nygtady.
Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana saparynyň dowamynda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşyklara, şol bir wagtda, ilkinji gezek ýaşlar guramalary, kärdeşler arkalaşyklary, zenanlar guramalary hem-de teleýaýlymlar derejesindäki resminamalara gol çekilipdi.