Daşary ýurt maýa goýumlary boýunça iş topary döredildi

Daşary ýurt maýa goýumlary boýunça iş topary döredildi
Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de bazar gatnaşygyna geçirmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek hem-de ýurdumyzyň döwrebap bazar gatnaşyklaryna geçiş döwründe olaryň höwesini artdyrmak üçin çäreleri işläp düzmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt maýa goýumlary boýunça pudagara topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de bazar gatnaşygyna geçirmäge, işewür düzümleriň işlerini işjeňleşdirmäge gönükdirilip, durmuşa geçirilýän strategiýa, şeýle hem amala aşyrylýan pudaklaýyn iri taslamalar, döredilen degişli hukuk binýady daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, şol sanda maýa goýum ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

“Türkmenistan: Altyn asyr”