Bişkekde birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Bişkekde birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi
Çykyş edenler birinji Hazar ykdysady forumynyň sebit we halkara söwda, ulag-logistika gatnaşyklaryny giňeltmekdäki eýeleýän wajyp ornuny belläp geçdiler.

2019-njy ýylyň 19-njy iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky Döwlet komitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap “Birinji Hazar ykdysady forumy: türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin meýdança” atly tegelek stoluny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda aýdylyp geçilýär.

Tegelek stoluň işine Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň prezidenti Danil Ibraýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň orunbasary D.Hudaýberdiýew, Gyrgyz Respublikasynyň ministrliklerinden we beýleki döwlet edaralaryndan, Bişkekdäki diplomatik wekilhanalaryndan wekiller we ýurtda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy bilen geçirilýän birinji Hazar ykdysady forumynyň sebit we halkara söwda, ulag-logistika gatnaşyklaryny giňeltmekdäki eýeleýän wajyp ornuny belläp, bu forumyň türkmen-gyrgyz işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin örän amatly meýdança boljakdygyny nygtap geçdiler.

Şeýle-de, ýurdumyzda telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge döwlet tarapyndan berilýän goldawlar, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin döredilýän mümkinçilikler hem-de türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary barada gürrüň edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022