“NUR” şu ýylyň hasylyndan täze önümler hödürleýär

“NUR” şu ýylyň hasylyndan täze önümler hödürleýär
Owadan ülke” kärhanasy 2019-njy ýylda ýygnalan hasyldan gök pomidoryň konserwirlenen görnüşini öndürmäge başlady.

Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän we “NUR” söwda nyşanly maýonezi hem-de üwmeji wakuumly plastiki gaplarda taýýarlaýan “Owadan ülke” kärhanasy 2019-njy ýylda ýygnalan hasyldan gök pomidoryň konserwirlenen görnüşini öndürmäge başlady.

Täze möwsümde telekeçiler alyjylara uzak möhletleýin saklanylýan önümleriň 20-ä golaý görnüşini hödürleýärler. Kärhananyň marinada ýatyrylan hyýarlarydyr pomidorlaryndan başga-da, gowrulan badamjan, ajika hem-de burç goýaltmasy söwda nokatlaryna gowşar. “NUR” söwda nyşany özüniň ýokary hilli we elýeter bahasy bilen alyjylaryň uly isleglerinden peýdalanýar.

Şu ýyldan başlap, marinirlenen harytlaryň ähli görnüşleri ýurdumyzda öndürilýän çüýşe gaplara gaplanar. Eýýäm 900 gramlyk marinada ýatyrylan önümler üçin gaplaryň 7 milliona golaýy sargyt edildi.

Kärhanada maýonezi we üwmeji "doý-pak" görnüşinde wakuumly plastiki gaplara gaplaýjy enjam oturdyldy. Her gün kärhanada ýumşak gaplara gaplanan üwmejiň 5 tonnasy öndürilýär. “NUR” söwda haryt nyşanynyň ähli önümleriniň görnüşleri ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirlen gök önümlerden taýýarlanylýar.

2022