TSTB-de ÝB-niň resmi wekili kabul edildi

TSTB-de ÝB-niň resmi wekili kabul edildi
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebort

19-njy iýunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebort bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada TSTB-niň resmi sahypasynda habar berilýär.

Myhmany halkara we senagat bölümleriniň hem-de oba hojalyk we agrosenagat toplumy (AST) bölüminiň ýolbaşçylary we wekilleri kabul etdiler.

Lýubomir Frebort türkmen telekeçileriniň gazanan üstünlikleri, alyp barýan iri taslamalary we eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de soňky ýyllarda TSTB-niň agzalarynyň Ýewropa işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşmeginiň netijeleri hem bellenip geçildi.

ÝB-niň wekili TSTB-niň sanly ykdysadyýete geçmek, durmuş meseleleri, aýratyn hem täze iş orunlaryny döretmek boýunça alyp barýan işlerine gyzyklanma bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda senagat, oba hojalygy we AST pudaklary boýunça pikir alyşyldy.

Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň we ÝB-niň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada hem pikir alyşdylar.

2022