Hazar portlary has hem ýaşyllaşyp, sanly ulgamda birigerler

Hazar portlary has hem ýaşyllaşyp, sanly ulgamda birigerler
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Azerbaýjan we Gazagystan özleriniň “ýaşyl portlaryny” we Hazar deňzi sebitinde sanly aragatnaşygy ösdürmek işlerini geçen hepdäniň anna güni Baku şäherinde başlanan ÝHHG-niň taslamasynyň çäginde üstünlikli alyp barýarlar. ÝHHG-niň ykdysadyýet we ekologiýa boýunça Býurosynyň utgaşdyryjysy tarapyndan taýýarlanan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň portlary arkaly energiýa çeşmeleriniň üpjün edilmeginiň ugurlarynyň köpeldilmegine, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Hazar deňziniň üsti bilen ÝB-niň bazarlaryna birikdirilmegine ýardam berer.

ÝHHG-niň Wenadaky Sekretariatynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, bu taslamanyň çäginde ýola goýuljak tehniki-ykdysady barlaglar, bilermenleriň seminarlary we bu ýurtlaryň wekiliýetleriniň öňdebaryjy halkara “ýaşyl portlara” saparlary ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerinden iň netijeli ýagdaýda peýdalanmaga, sanly ulgama geçmäge hem-de söwda we ulag ulgamyny ýeňilleşdirmäge ýardam eder. Bu taslama Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB), Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady kommissiýasy (BMGÝYK) we hususy pudakda iş alyp barýan öňdebaryjy bilermenler bilen hyzmatdaşlykda alnyp barlar.

Türkmenistan, Azerbaýjan we Gazagystan öz portlarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyny ýeňilleşdirmek üçin sanly ulgamy döretmegi hem meýilleşdirýärler. Bu platforma serhetleri gysga wagtda geçmäge we edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer.

“Baku portunyň we ÝHHG-niň arasynda, şeýle-de Hazar deňzi sebitindäki beýleki doganlyk portlaryň arasynda şu gün başlanan hyzmatdaşlyk daşky gurşawy mundan hem beýläk netijeli goramak we Hazar sebitinde maglumat alyş-çalşygyny has-da netijeli we öz wagtynda alyp barmak boýunça ýene bir uly ädimleriň biridir” diýip, Baku portunyň Baş direktory doktor Taleh Ziýadow taslamanyň başlamagy mynasybetli geçirilen seminarda belledi.

ÝHHG-niň ykdysadyýet we ekologiýa boýunça utgaşdyryjysy Wuk Žugiç ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerini ulanmak we energiýany tygşytlamak biziň energiýa önümçiligimiziň we sarp edijiligimiziň daşky gurşawa ýetirýän täsirlerini azaltmakda uly orun eýeleýär diýip, çykyş etdi.

ÝHHG-niň energiýa howpsuzlygy boýunça maksatnamasynyň baş hünärmeni Daniel Krusyň çaklamagyna görä, Aziýadaky ykdysady ösüş netijesinde öňümizdäki ýyllarda sebitdäki ýurtlarda hem uly ösüş bolar.

“Sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky özara baglylyk we has-da berkeýän ykdysady gatnaşyklar halkara we sebitleýin howpsuzlyk boýunça has giň hyzmatdaşlyga mümkinçilik berýär hem-de Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýokary depginde ösýän söwda gatnaşyklaryna goldaw bermek üçin energiýa, sanly ulgam we transport infrastrukturasy boýunça giň çemeleşmelere zerurlyk döredýär” diýip, Krus nygtady.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Türkmenistanyň deňiz kenaryndaky iň esasy ýük we ýolagçy menzilidir. Adaty gatnawlar Azerbaýjanyň Baku şäherine, Gazagystanyň Aktau şäherine we Russiýanyň Astrahan şäherine barýar.

Bu port Ýewraziýa sebitinde geostrategik ähmiýete eýedir. Ýewropa-Kawkaz-Aziýa söwda ýolunda ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz porty gämileri ýylyň dowamynda gije-gündiz kabul edip, ýük ýükleme we düşürme hyzmatlaryny hödürleýär. Merkezi Aziýany Ýewropa deňiz, awtomobil we demir ýoly arkaly birleşdirýän bu “deňiz derwezesi” sebitdäki esasy ulag-üstaşyr geçelgeleriň biridir.