Kazanda Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri gepleşik geçirdiler

Kazanda Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri gepleşik geçirdiler

23-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystana eden saparynyň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rustam Minnihanowyň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Kazan Kremlinde geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Prezident Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-tatar gatnaşyklaryna berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu saparyna hyzmatdaşlygy has hem berkitmek üçin uly ädim hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Türkmen Lideri diňe şu ýylyň özünde Tatarystanyň Prezidenti bilen ikinji gezek duşuşýandygyny belledi. Bu iki halkyň arasynda aýratyn häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn mäkäm gatnaşyklaryň we ýola düşen hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň bardygyny görkezýär.  

Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişlik dabarasy boldy.

2022