Türkmenistan bilen Tatarystanyň wekilleri resminamalara gol çekişdiler

Türkmenistan bilen Tatarystanyň wekilleri resminamalara gol çekişdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasyndaky gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Kazanyň Döwlet energetika uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika instituty bilen "Uniwersitet Innopolis" ýokary bilim guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama, Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Kazanyň federal uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

"Türkmennebit" Döwlet konserni bilen W.D. Şaşin adyndaky "Tatneft" açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi ýangyç-energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan meýilleri görkezdi.  

"Türkmenhimiýa" Döwlet konserni bilen "Ker-Holding" jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekişilen Ähtnama himiýa pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär.   

Şeýle-de, Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginiň "Türkmenawtoulaglary" agentligi bilen "KAMAZ" açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda awtoulag tehnikalary bilen üpjün etmek we olara tehniki hyzmatlary bermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekişildi.