Kazanda konsullyk açmak göz öňünde tutulýar

Kazanda konsullyk açmak göz öňünde tutulýar
Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna 23-nji iýunda amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow iki döwletiň özara gyzyklanmasyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ulgamlaýyn strategik häsiýetini nazarda tutup, Kazanda Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak barada teklip etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz tatar Lideriniň Kazanda Türkmenistanyň konsullygyny açmak baradaky teklibini goldap, türkmen we tatar paýtagtlaryny baglanyşdyrýan howa gatnawlaryna isleg artan halatynda, onuň sanyny köpeltmegiň mümkinçilikleri barada hem belläp geçdi.

2022