Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň maliýe ýagdaýlaryny gowulandyrmak we olaryň satyn alan harytlary üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek maksady bilen Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna 2019-njy ýylyň dowamynda Merkezi bankyň serişdeleriniň hasabyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli möçberde karz serişdelerini ýyllyk 2 göterim bilen bir ýyl ýeňillikli döwri bolan 10 ýyl möhlete karz bermek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ekinleri kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2019-njy ýyl üçin ekilen gowaçanyň zyýankeşlerine we köp ýyllyk haşal otlaryna garşy göreşmekde, şeýle hem 2020-nji ýylyň hasyly üçin ekiljek bugdaý tohumyny kesellere garşy dermanlamakda ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.