HYF halkara metbugat wekilleriniň ünsüni çekýär

BT
HYF halkara metbugat wekilleriniň ünsüni çekýär
Birinji Hazar ykdysady forumy halkara metbugat edaralarynyň üns merkezinde bolar.

Awgust aýynyň 12-ne “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy (HYF) halkara metbugat edaralarynyň üns merkezinde bolar. Foruma bagyşlanyp fewral aýynda geçirilen halkara media-foruma, esasan, hazarýaka ýurtlarynyň metbugat wekilleri gatnaşan bolsa, 29-njy iýunda guralan ikinji media foruma Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Owganystanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlarynyň, gazet-žurnallarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara metbugatynyň abraýly wekilleriniň biri bolan “Euronews” habarlar teleýaýlymy birinji Hazar ykdysady forumyny ýakyndan yzarlaýar. Dünýäniň 150-den gowrak ýurdunda 13 dilde görkezilýän bu teleýaýlymyň halkara söwda direktory Kjell Stein “Türkmenistan” gazetine beren beýanatynda şeýle diýdi:

- Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan wideoşekilleri eýýämden ýaýlyma berip başladyk. Forumyň geçiriljek günlerinde “Euronews” teleýaýlymynyň ýörite toparynyň Türkmenistana gelmegi meýilleşdirilýär. Bu topar birinji Hazar ykdysady forumyny göni ýaýlymda ýazgy eder.

Geçen ýyl türkmen bedewiniň milli baýramynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen söhbetdeş bolan Bütinrussiýa döwlet telerediogepleşikler kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebit bölüminiň ýolbaşçysy Robert Fransew birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçiriljekdigine ynanýandygyny belläp geçdi. 

“Arçabil” myhmanhanasynda geçirilen halkara media foruma gatnaşan “News Day Georgia” habarlar agentliginiň direktory Awtandil Otinaşwili bolsa birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga we bu forumy mahabatlandyrmaga howlukýandyklaryny aýtdy. Ermenistanyň “ArmInfo” habarlar agentliginiň habarçysy Mariýana Martçýan Hazar forumyna uly höwes bilen gatnaşjakdygyny belledi.

2022