“Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak boýunça döwlet maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirýär. Bu ýerli kärhana 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda esaslandyryldy. Munuň üçin telekeçiler tarapyndan plasmas önümlerini öndürmek boýunça biznes-meýilnamasy düzülip, “Senagat” PTB tarapyndan önümçiligi ýola goýmak üçin karz serişdeleri üpjün edildi. Şeýlelikde, 2,5 gektarda plasmas önümlerini öndürmek boýunça üç sehden hem-de goşmaça otaglardan ybarat zawod guruldy we bu ýerde 150-ä golaý adam işleýär.
Häzirki zaman enjamlar Hytaýdan we Germaniýadan gelen hünarmenler tarapyndan ornaşdyryldy. Häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwaty ençeme tonna çenli önüm öndürmäge mümkinçilik döretdi. Geçen ýyl polietilenden 3,5 müň tonna we propilenden 6,5 müň tonna önüm öndürildi.
Baş direktoryň orunbasary Ahmet Baýramowyň aýtmagyna görä, kärhanada öndürilen plasmas önümleri welaýatlardaky lomaý satyn alyjylaryň üsti bilen alyjylara ýetirilýär, şeýle hem bölekleýin satuw üçin kärhananyň çäginde söwda nokadynyň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Kompaniýa daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hem söwdany ýola goýdy, önümler Belarussiýa, Owganystana, Türkiýä we Hytaýa eksport edilýär.
“Türkmen şöhle” HJ-niň önümleri ýokary hil şahadatnamalaryna eýedir we bu hünärmenleriň işiniň üstünliklerine kepil geçýär. Önümçilik prosesini yzygiderli kämilleşdirmek, innowasiýalary girizmek, önümçilik tehnologiýalaryna ykjam çemeleşmek hünärmenleriň esasy wezipeleridir. Polipropilen we polietilen haryt we çig mal biržasynyň üsti bilen satyn alynýar, önümler üçin boýag bolsa Hytaýdan we BAE-den getirilýär.
Häzirki wagtda plasmas önümlerini öndürýän “Türkmen şöhle” kärhanasy çaga oýunjaklaryny, plastmas gaplaryny, hojalyk harytlaryny we plastik mebellerini satyn alyjylara hödürleýär. Harytlaryň görnüşleri müşderleriň islegine laýyk ýerine ýetirilýär we hemişe täzelenip durýar.