Hindistanda sürteç demriň bahalary arzanlady

BT
Hindistanda sürteç demriň bahalary arzanlady
Sürteç demir polat we demir önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýar.

Dünýäniň iň uly sürteç demir öndürijisi hasaplanýan Hindistanda soňky iki aýyň içinde bu görnüşli demriň bahalary arzanlady.

Ýyllyk önümçilik kuwwaty 46 million tonna bolan Hindistanda gazdan we kömürden sürteç demir öndürilýär. Hindistanyň kömürden sürteç demir öndürýän merkezi welaýatlarynda bir tonnanyň bahasy ABŞ-niň 336 dollaryndan 234 dollaryna çenli arzanlady. Zawodlaryň önümçilik kuwwaty soňky 15 günde 5 göterim azaldy.

“Gurluşyk taslamalarynyň azalmagy bilen pudakda polada bolan talabyň pese gaçmagy sürteç demriň bahalarynyň hem pese gaçmagyna getirdi” diýip, Hindistanyň sürteç demir öndürýän Senagatçylar guramasynyň baş sekretary Dipendra Kaşiwa habar berdi.

Kaşiwa, sürteç demir önümçiliginiň azalmagynyň Günorta Afrikadan import edilýän kömrüň azalmagyna hem sebäp bolup biljekdigini aýtdy.

Sürteç demir polat we demir önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022