Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki “Balkandokma” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde üstümizdäki ýylyň başyndan bäri 2 müň 693 tonna ýokary hilli ýüplükler taýýarlanylyp, pul hasabynda 27,5 million manatlykdan gowrak iş bitirildi. Bu döwürde “Türkmenistanda öndürildi” belgisi goýlan taýýar önümleriň 2 müň 688 tonnasy sarp edijilere ýetirildi.
Ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda ösdürip ýetişdirilen pagtanyň iň saýlama hillerinden ýokary hilli ýüplük önümlerini öndürýän “Balkandokma” ÝGPJ 2004-nji ýylda ulanyşa berildi. Jemi 645 adamyň zähmet çekýän önümçilik desgasynda Italiýanyň Marzoli, Vouk we Savio markaly kämil enjamlary ornaşdyrylan.
Jemi 20 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýän “Balkandokma” ÝGPJ-de önümçilik ekologiýa howpsuzlygy babatda talabalaýyk ýola goýlan. Toplumyň iş orunlarynda ýerleşdirilen häzirkizaman önümçilik tehnologiýasy bu ýerde dürli ölçeglerdäki ýüplükleri düwünsiz öndürmäge, ony dürli matalary taýýarlamakda ulanmaga mümkinçilik döredýär.
Kärhananyň önümleri bu gün diňe bir içerki bazara däl, Türkiýäniň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň bazarlaryna ugradylýar.
Toplumyň önümçilik kuwwaty bolsa, ýylyň dowamynda 13 müň tonna pagta süýüminden 11 müň tonna nah ýüplük almak üçin niýetlenilen.