Gowaçanyň täze “Daşoguz-150” görnüşi barlagdan geçirilýär

Gowaçanyň täze “Daşoguz-150” görnüşi barlagdan geçirilýär
Täze görnüş Gubadag etrabynda ýerleşýän ylmy-barlag synag merkeziniň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy.

Daşoguz welaýatynda gowaçanyň “Daşoguz-150” atly täze ortasüýümli hili barlagdan geçirilýär. Ol Gubadag etrabynda ýerleşýän ylmy-barlag synag merkeziniň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy we şu ýyl synag meýdançasyna ekildi.

Gögerijiligi we ösüşi, howa ýagdaýlaryna çydamlylygy we beýleki esasy görkezijiler boýunça bu täze görnüş demirgazyk sebitinde giňden ýaýran “Daşoguz-120”-den kem däl. Toplumlaýyn deňeşdirme analizi etraplara bölmek we dokma senagatynda peýdalanmak üçin täze hiliň geljekki ýagdaýyny kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Ýerli seçgiçiler gowaçanyň täze hilinden ýerli tebigy-howa şertlerinde gögerijiligi, kesellere çydamlylygy, ýokary hasyllylygy we süýüm çykaryjylygy, berkligi, uzynlygy we açylma güýji ýaly ugurlarda gowy görkezijileri almagy maksat edinýärler.

Ylmy-barlag synag merkeziniň işgärleriniň önümçilige taýýarlaýan ýene alty seçgi nusgasyndan şeýle görkezijiler garaşylýar.

Pagtaçylyk Daşoguz welaýatynyň oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde her ýylda gerekli mukdarda ýokary hilli tohumy öndürýän iri ýöriteleşdirilen hojalyklar we tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleri hereket edýär.