S.Nyýazow etrabynda 45 tonna et we et önümleri öndürildi

S.Nyýazow etrabynda 45 tonna et we et önümleri öndürildi

Daşoguz welaýatynyň S.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde ýerleşýän döwrebap maldarçylyk toplumynda şu ýylyň başyndan bäri 45 tonna et we et önümleri öndürilip, meýilnama 121.6 göterim berjaý edildi. Geçen döwrüň içinde gaýnadylan we kakadylan şöhlatyň 22 tonnasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 146.7 göterim ösüş gazanyldy.

Döwrebap toplumda häzirki wagta çenli 960 tonna ýokary hilli süýt önümleri öndürildi. Toplumyň önümçilik netijelerini özünde jemleýän maglumatlara görä, şu güne çenli mesgäniň 65 tonnasy, peýniriň hem dorogyň 47 tonnadan gowragy, başga-da süýt önümleriniň 176 tonnasy öndürilip, söwda nokatlaryna goýberildi. 
Türkmenistanda şeýle kärhanalaryň ilkinjileriniň biri hasaplanýan S.Nyýazow etrabynyň maldaçylyk toplumynda kuwwatlylygy ýylda 2 müň tonna süýdi we 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenen enjamlar ornaşdyrylan.

Toplumyň hünärmenleri döwrüň ösen talabyna laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar esasynda taýýarlanylýan süýt önümleriniň ähli görnüşleriniň ýokary hil derejesi bilen aýratyn tapawutlandygyny aýdýarlar. 

 

2022