Türkmen wekiliýeti Owganystanda demir ýoluň açylyşyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti Owganystanda demir ýoluň açylyşyna gatnaşýar
2016-njy ýylyň noýabr aýynda açylan jemi 88 kilometrlik Kerki – Ymamnazar – Akina demir ýoly bu taslamanyň birinji tapgyrydyr.

25-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Owganystan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolarlar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda wekiliýet goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina demir ýol stansiýasynda gurlan 10 kilometr demir ýol şahasynyň açylyş dabarasyna hem-de Akina – Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşar.

Akina – Andhoý demir ýoly Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň bir bölegidir. 2016-njy ýylyň noýabr aýynda açylan jemi 88 kilometrlik Kerki – Ymamnazar – Akina demir ýoly bu taslamanyň birinji tapgyrydyr.

Demir ýoluň Täjigistan böleginiň gurluşygynyň tehniki we maliýeleşdirmek taslamasynyň üstümizdäki ýylyň soňuna çenli tamamlanmagyna garaşylýar.

2022