Gumdagly nebitçiler 111 müň tonna ýakyn “gara altyn” çykardylar

Gumdagly nebitçiler 111 müň tonna ýakyn “gara altyn” çykardylar
Gumdag meýdançasynda ilkinji burawlaýyş guýusy 1947-nji ýylyň iýul aýynda peýda boldy.

Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň iň baýry ýataklarynda iş alyp barýan “Gumdagnebit” nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri ýylyň ilkinji alty aýyny üstünlikli jemlediler.

Kärhanada ýarym ýylda nebit berýän guýulardan çykarylan “gara altynyň” umumy möçberi 110 müň 700 tonna barabar boldy. Bu görkeziji guýulardan nebit çykarmak babatda bellenilen alty aýlyk meýilnamanyň kärhana boýunça 113,5 göterim berjaý edilendigini aňladýar.

Şeýle hem gumdagly nebitçiler geçen ýylyň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 105 göterime golaý ýokarlandyrmagy başardylar. Şu ýagdaýyň kärhanada bellenilen meýilnamalara hemişe artygy bilen amal edilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Gumdagnebit” nebitgaz çykaryş müdirliginiň Gumdag meýdançasynda nebit-gaz gözleg işleri netijesinde ilkinji burawlaýyş guýusy 1947-nji ýylyň iýul aýynda peýda boldy.