“Bakjam” on ýyl bäri söwda tekjelerinde

“Bakjam” on ýyl bäri söwda tekjelerinde

Tomsuň jöwzaly günlerinde beýleki wagtlardan artykmaçlykda doňdurmanyň gürrüňi has köp edilýär. Diňe bir çagalar däl, uly ýaşlylar hem beýle datly sowuk süýjülikden el götermese gerek?! Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň zähmeti netijesinde doňdurmalar bilen içerki bazar üpjün edilýär, hatda, daşary ýurda hem üstünlikli ugradylýar.

“Bakjam söwda” doňdurma bazarynyň iň öňde gelýän hususy öndürijileriniň biridir. Üstümizdäki ýyl, söwda nokatlarynda “Bakjam” haryt nyşanly doňdurmalaryň peýda bolanyna 10 ýyl boldy.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän kärhanada bir günde bäş tonna doňdurma öndürilýär. Uly isleg bildirilýän bu doňdurmanyň 50 görnüşi alyjylara ýetirilýär. Olaryň arasynda plombir, süýtli, miweli, kremli, eskimo, şokoladly, wanilli görnüşleri bar. Doňdurmalar plastik gaplamalarda, bedrejiklerde, epmeli gaplamalarda we çöpjagazlarda, maşgala üçin 350 gramlyk, ýarym kilolyk we bir kilolyk gaplarda ilata hödürlenýär. Dürli tagamlar we şekiller özlerine çekiji bolýar.

Bulardan başga-da, kärhana tort-doňdurma we 20 görnüşli guýulýan doňdurma öndürýär.

Önümçiligiň yzygiderli täzelenip durmagy Ýewropanyň ýokary tehnologiýaly enjamlary arkaly amala aşyrylýar.

“Bakjam söwda” kärhanasynyň “Süýjülik zynjyrynda” esasan-da, ýerli we ekologiýa taýdan arassa çigmallary ulanýar. Şeýlelikde, kärhana täze süýdi daýhan hojalyklaryndan we dykyzlandyrylan süýdi hem ýerli önümçilikden üpjün edýär. Beýleki goşundylar hemişeki hyzmatdaşlardan, Russiýadan ýaglar, Ýewropadan sazlaýjylar alynýar.

Ýurdumyzyň söwda nokatlarynda “Bakjam”-yň süýt önümleri bolan süýt, dorag, gatyk giňden ýaýradyldy. Şeýle hem kärhana dürli görnüşli – dorogly, ýeralmaly we ysmanakly börekleri alty dürli agyrlykdaky gaplarda öndürýär. Iki önümçilik ülňüsi bu önümleriň günde 2 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

2022