Ýerli hünärmenler pomidoryň täze sortuny döretdiler

Ýerli hünärmenler pomidoryň täze sortuny döretdiler

Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezinde pomidoryň “Wostok 36x”, “Balkan” sortlaryny çaknyşdyrmak arkaly “Aýnur” sorty döredildi. Sortuň şitili köpçülikleýin gögerip çykandan hasyly ýetişip başlaýança 116 gün gerek.

Ösümligiň boýy 45, ini 40 santimetre ýetýär. Ol guraklyga, kesellere aram durnuklydyr. Gül toplumy ýönekeý, birinji gül toplumy 7-8-nji ýaprakda emele gelýär. Hasyly aralyk möhletde ýetişýär.

Pomidoryň daşky görnüşi togalak, ýylmanak, owadan bolup, reňki gyzyldyr. Onuň ortaça agramy 80-110 gram. Pomidoryň şiresiniň düzümindäki gury madda 6,8 göterim, şeker 3,5 göterim, turşulyk 0,5 göterim, С witamininiň agramy bolsa 21,4 milligrama ýetýär. Pomidoryň içi 4,6 öýjüklidir. Ter pomidoryň süýjüligi 4,6-4,8 bala deň.

Bu sort 2016-2018-nji ýyllarda bäsleşik meýdanynda synag edilende, her gektardan 43,4 tonna hasyl alyndy.

Pomidoryň “Aýnur” sorty terligine iýmäge, çüýşe gapda gaplamaga, tomat taýýarlamaga ýaramlydyr. Onuň gektarda ortaça hasyllylygy 43,4-47,4 tonna ýetýär. Miwesi tagamly, aralyk möhletde ýetişýän bu sort 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Döwlet sort synagyna berildi.

Bu sortuň ekiljek ýeri güýz aýlarynda taýýar edilýär. Ekişe taýýar edilen ýerde pomidoryň şitilini oturtmagyň möhleti aprel aýynyň birinji ýarymydyr.

Ýygym iýun aýynyň 3-nji ongünlüginden başlap, her 5-6 günden geçirilýär. Pomidor ösümligine kada laýyk ideg işleri geçirilende, ondan bol hasyl alyp bolýar.