Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Balkangallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Sarp obasyndaky häzirki zaman degirmeninde ýokary hilli un öndürilip, bir gije-gündizde taýýarlanýan önüm täzeligine sarp edijilere ýetirilýär.
Sarp obasynda göwrümi degişlilikde 50 müň we 30 müň tonna däne saklaýan elewatorly, bir gije-gündizde 200 tonna däne üwemäge niýetlenen kärhananyň gurlup, işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna goşant goşýar.
Toplumyň iň bir kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan degirmeni her ýylda 50 müň tonna un öndürmäge niýetlenendir. Kärhanada ýörite çelekleriň 6-sy bolup, olaryň her birinde 8 müň 333 tonna däne saklamaga mümkinçilik bar.
Desgadaky işler kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Kärhana demir ýol şahasy we awtoulag ýoly barýar. Dänäniň agramyny çekmek üçin uly göwrümli gapanlaryň 3-si bar. Şu ýylyň birinji ýarymynda degirmende 16 müň 842 tonna bugdaý üwelip, şondan 4 müň 211 tonna ýokary we 8 müň 421 tonna barabar birinji hilli un taýýarlanyldy.
Şeýle hem gürrüňi edilýän döwürde öndürilen kepegiň möçberi 4 müň tonna golaýlady. Bu görkezijiler kärhana boýunça önüm taýýarlamak baradaky ýarym ýyllyk meýilnamanyň 120 göterim berjaý edilendigini görkezýär. Şu günler häzirki zaman degirmeninde täze hasyly gaýtadan işlemek işleri gowşamaýan depginde alnyp barylýar.