Gyýanly polimer zawodynda gündelik 61 tonna polipropilen öndürilýär

Gyýanly polimer zawodynda gündelik 61 tonna polipropilen öndürilýär
Gyýanlydaky polimer zawody

Gyýanlydaky polimer zawody bir gije-gündiziň dowamynda polipropileniň 61 tonnasyny, ýokary dykyzlykly polietileniň bolsa 589 tonnasyny öndürýär. Zawod açylany bäri öndürilen polipropileniň ösüş depgini 83,5 göterime, ýokary dykyzlykly polietileniň ösüş depgini bolsa 114,5 göterime deň boldy. 

Daşary ýurt maýa goýumlarynyň oýlanyşykly çekilmegi we ýerlikli özleşdirilmegi netijesinde, gazhimiýa önümleriniň täze görnüşlerini öndürmäge niýetlenen zawodda açylanyndan 30-njy iýuna çenli polipropileniň jemi 21 müň tonnadan gowragy, ýokary dykyzlykly polietileniň bolsa 105 müň tonna golaýy öndürildi.

Dünýä ylmynyň iň täze gazananlaryny özünde jemlän — Ýaponiýada, Koreýada, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Germaniýada, Daniýada öndürilen iň häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan zawodyň açylanyna heniz bir ýyl hem bolmadyk bolsa¬da, onuň ýokary hilli önümleri bu gün dünýä döwletleriniň hyrydarly harydyna öwrüldi.

Häzirki döwürde Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümlerini satyn almakda Russiýa Federasiýasy, Koreýa Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Şweýsariýa, Marşal adalary, Özbegistan Respublikasy we Owganystan Yslam Respublikasy öňdäki orunlary eýeleýär. 

Zawoddan berlen maglumatlara görä, häzirki döwürde polimer önümleriniň dürli görnüşlerini satmak barada Hazarýaka döwletlerden Russiýa Federasiýasynyň “Kartli”, “Polimer SM”, “Belis”, “Himtrastreýding”, “Politer” ýaly kompaniýalarynyň on birisi bilen, şeýle-de Gazagystanyň “AlemPolymer” kompaniýasy bilen şertnamalar baglaşyldy. Bular bilen bir hatarda polimer önümlerini gatnatmakda Marşal adalarynyň “Broadex Trading LTD”, “Almart Petroleum SA” we “Etoile Energy SA” kompaniýalary Hazar deňziniň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022