Daşary işler ministri Meredow diplomatik işini tamamlaýan ilçiler bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Meredow diplomatik işini tamamlaýan ilçiler bilen duşuşdy
Torhilda Wiwia Ebbott-Uot Aşgabatdaky diplomatik işine 2016-njy ýylda başlady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 19-njy awgustda ministrligiň binasynda Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Birleşen Patyşalygyň we Ukrainanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri bilen aýratynlykda duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär. 

Aşgabatdaky diplomatik işine 2016-njy ýylda başlan Birleşen Patyşalygyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Torhilda Wiwia Ebbott-Uot bilen duşuşygyň başynda Daşary işler ministri Meredow Ilçä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan deňhukuklylyk, hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan saldamly goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Ilçi Ebbott-Uot türkmen tarapyna Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklary ösdürmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Walentyn Şewalýow bilen duşuşygyň barşynda diplomatlar Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmeginiň zerurlygyny aýratyn nygtap geçdiler.  

Ilçi Şewalýow türkmen tarapyna özüniň diplomatik işini durmuşa geçirmekde beren hemaýat-goldawy üçin minnetdarlygyny bildirdi we türkmen halkynyň ýokary myhmansöýerligini belledi.

 

2022