“Sony Pictures” kompaniýasynyň iň girdejili keşbi “Marvel”-den aýrylýarmy?

“Sony Pictures” kompaniýasynyň iň girdejili keşbi “Marvel”-den aýrylýarmy?
ABŞ-da iýul aýynyň 2-sine görkezilip başlanan bu film “Marvel” bilen “Sony Pictures”-iň bilelikde düşüren soňky “Möý adam” kinosy bolmagy mümkin.

“Marvel” komikslerine esaslanyp düşürilen “Möý adam: Öýden uzakda” (Spider-Man: Far From Home) filmi  “Sony Pictures” kompaniýasynyň 95 ýyllyk taryhynda iň köp girdeji gazanan kinosy boldy. Kompaniýanyň Duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda filmiň ýerli we halkara kino bazaryndaky girdejisi 1,109 milliard dollara deň boldy.

ABŞ-da iýul aýynyň 2-sine görkezilip başlanan bu film “Marvel” bilen “Sony Pictures”-iň bilelikde düşüren soňky “Möý adam” kinosy bolmagy mümkin. 2015-nji ýylyň fewral aýynda “Sony Pictures” kompaniýasy “Walt Disney”-iň eýeçiligindäki "Marvel” studiosy bilen “Möý adam” keşbini ulanmak babatynda bäş filmlik ylalaşyk baglaşdy. “Möý adam: Öýden uzakda” kinosy bilen tamamlanan bu şertnamany täzelemek işleri “Walt Disney”-iň talaplarynyň üýtgemegi esasynda bökdençlige ugrady.

“Sony Pictures” kompaniýasy Çarşenbe güni resmi “Twitter” hasabynda “Walt Disney”-iň ozalky şertnamanyň çäklerinde düşürilen kinolara prodýuserlik eden “Marvel” studiosynyň prezidenti Kewin Fiji indiki “Möý adam” kinolarynda ulanmazlyk netijesine hormat goýýandyklaryny ýazdy. “Deadline” onlaýn neşirine görä bökdençlik “Walt Disney” kompaniýasynyň kinolardan alýan paýyny ýokarlandyrmak isleginden ýüze çykdy.

Başdaky bäş kinolyk ylalaşyga görä, “Marvel” studiosy filmleriniň üçüsinde eýeçiligi “Sony Pictures”-a degişli bolan “Möý adam” keşbini mugt ulandy. “Sony Pictures” bolsa “Marvel” studiosy tarapyndan eýeçilik edilýän fantastik keşpleri “Möý adam” kinolarynyň ikisinde girdejiniň 5%-ni studionyň hasabyna geçirmek arkaly düşürdi. Ylalaşygyň çäklerinde “Marvel”-iň düşüren kinolarynyň umumy gazanjy 6 millard dollara golaý boldy. “Sony Pictures” tarapyndan “Möý adam” keşbini merkeze alýan iki kinonyň umumy gazanjy bolsa 2 milliard dollara golaýlady.