Batyr Amanow TNGIZT-iň baş direktory wezipesine bellenildi

Batyr Amanow TNGIZT-iň baş direktory wezipesine bellenildi
Umumy meýdany 450 gektardan gowrak bolan zawodlar toplumynda 3.5 müňden gowrak adam işleýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) baş direktory wezipesine bellendi. 

Bu baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni geçiren iş maslahatynda gol çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) habaryna görä, iş maslahatynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow TNGIZT-de alnyp barylýan işleriň netijesiniň pesdigini aýdyp, baş direktor Ýazmyrat Muhammetmyradowyň toplumyň iş netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalary etmändigini belledi. Döwlet Baştutany Muhammetmyradowyň işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, toplumyň baş direktory wezipesinden boşadylýandygy baradaky Karara gol çekdi.

Ýanwar aýynyň 31-nden bäri bu wezipäni ýerine ýetirýän Muhammetmyradowyň ýerine bellenen Batyr Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda gol çeken Karary bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenipdi.

1943-nji ýylda açylan TNGIZT-iň häzirki edara binasy 2008-nji ýylda açyldy. Umumy meýdany 450 gektardan gowrak bolan zawodlar toplumynda 3.5 müňden gowrak adam işleýär.

Toplumda öndürilen suwuklandyrylan gaz, benzinler, kerosinler, dizel ýangyçlary, binýatlaýyn we harytlyk çalgy ýaglary, şeýle hem kokslar, bitumlar, polipropilen, plýonka, haltalar we beýleki harytlar Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ýerlenýär.

2022