Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanda saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanda saparda bolar
Gyrgyzystanyň DIM-niň birinji orunbasary N.Niýazaliýew ilçi Ş.Meredow bilen duşuşdy. Surat: Gyrgyzystan DIM-i.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana boljak saparyna garaşylýar. Bu barada Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Habara görä, sişenbe güni Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nuran Niýazaliýew Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşdy.

Duşuşykda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem iki ýurduň sebit we halkara guramalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary barada pikir alşyldy.

Niýazaliýew şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Prezidentiniň boljak saparyna ýokary derejeli taýýarlygyň möhümdigini belledi.

Taraplar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 4-nji mejlisi geçirmek boýunça hem maslahatlaşdylar.

Türkmen Lideri mundan öň 2015-nji ýylyň awgustynda Gyrgyzystanda saparda bolupdy.

2022