Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirilýär

BT
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirilýär
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 82-nji mejlisi Minskde geçirildi. Surat: GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýty.

Türkmen paýtagtynda 13-nji sentýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň nobatdaky 83-nji mejlisi geçirilýär.

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek bu çäräniň gün tertibine Arkalaşyga girýän ýurtlaryň netijeli gatnaşyklaryny giňletmek boýunça pikir alyşmalar giriziler.

Mejlisde GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň taslamasyny ylalaşmak göz öňünde tutulýar. 

Mejlis tamamlanandan soň "Sanly ulgama geçişiň esasy ugurlary" atly tanyşdyryş çäresini guramak meýilleşdirilýär.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 82-nji mejlisi 29-njy iýunda Belarusyň paýtagty Minsk şäherinde geçirildi.

14-nji sentýabrda Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanylan “Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi” atly ylmy-amaly geçiriler. Bu forumda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmelere bagyşlanan çykyşlar hödürlener.

Şeýle hem Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda 23-24-nji sentýabrda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri bilen tanyşdyrylyş sergisi guralar.