Noýabrda Aşgabatda SPECA-nyň günleri geçiriler

BT
Noýabrda Aşgabatda SPECA-nyň günleri geçiriler
Noýabrda Aşgabatda geçiriljek günleri bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen SPECA ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygy geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ženewadaky Bölüminiň Türkmen otagynda sişenbe güni BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek günleri bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen SPECA ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa özüniň golaýda Birinji Hazar ykdysady forumynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana bolan saparyny salgylanmak bilen, SPECA Gaznasynyň döredilmegi baradaky mesele bilen tanyşdyrdy.

Algeýarowa SPECA-nyň çäklerindäki işleriň we çäreleriň geçirilmegi üçin şeýle Gaznanyň döredilmegi baradaky teklibiň Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan goldanylandygyny belläp geçdi.  

Duşuşygyň dowamynda UNECE-niň Söwda meseleleri boýunça sebitleýin geňeşçisi Mario Apostolow gatnaşyjylary 2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän SPECA-nyň günlerine görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyrdy.

UNECE-niň bölümleriniň ýolbaşçylary özleriniň çykyşlarynda duşuşyga gatnaşyjylary SPECA-nyň çäklerindäki sebit hem-de kiçisebit derejesinde daşky gurşaw ulgamynda, ulag, tokaý, söwda meseleleri boýunça durmuşa geçirilýän başlangyçlara we taslamalara işjeň gatnaşmaklyga çagyrdy.

SPECA maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şeýle hem olary dünýä ykdysady ulgamyna utgaşdyrmak maksady bilen 1998-nji ýylda esaslandyryldy. Bu maksatnamanyň düzümine Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan girýär.

UNECE we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça jemgyýetçilik komissiýasy (ESCAP) taslamanyň çäklerinde geçirilýän çärelere goldaw berýär. 

2022