Pekinde geçen aý iň arassa howa hasaba alyndy

Pekinde geçen aý iň arassa howa hasaba alyndy
Pekin şu ýylyň içinde howanyň kirliligi boýunça dünýäniň ilkinji 200 şäheriniň arasyndan çykmagy meýilleşdirýär.

Hytaýyň paýtagty Pekinde awgust aýynda şäheriň häzirki wagta çenli iň arassa howa ýagdaýy hasaba alyndy. Zyýanly maýda maddalaryň (PM2.5) bir sagatdaky ortaça konsentrasiýasy 22.1 mikrograma deň boldy.

Şweýsariýanyň “IQAir AirVisual” kompaniýasynyň penşenbe günki maglumatyna görä, Pekinde üstümizdäki ýylyň birinji 8 aýynda howanyň hapalyk derejesi geçen ýyla garanyňda 19.3 % azaldy.

Pekin şu ýylyň içinde howanyň kirliligi boýunça dünýäniň ilkinji 200 şäheriniň arasyndan çykmagy meýilleşdirýär diýip, “Reuters” agentligi habar berýär.

“IQAir AirVisual” kompaniýasynyň 35 barlag nokadyndan edinen maglumatlaryna görä, ýokardaky görkezijiler şäheriň 2009-njy ýyldaky howanyň hapalygy boýunça görkezijileriniň iki essesinden hem azdygy mälim edilýär.

Pekinde 2014-nji ýyldan bäri howanyň hapalygyny azaltmak üçin hapa gazlary çykarýan birnäçe senagat ýerleri ýapyldy, şeýle hem kömüriň ulanylyşy azaldyldy. Şeýle hem oktýabr aýynyň 1-ne geçiriljek Hytaý Halk Respublikasynyň 70 ýyllyk dabarasynda howanyň hapalanmagyny azaltmak maksady bilen feýrwerkleriň we ýangyjyň satyşyna çäklendirme getirildi. 

2022