Daşoguzda himiki metaldan bezeg önümlerini öndürýän kärhana açyldy

BT
Daşoguzda himiki metaldan bezeg önümlerini öndürýän kärhana açyldy
Kärhanada ýaşaýyş jaýlaryny hem-de beýleki desgalary gurmakda peýdalanmaga niýetlenen metal önümlerini, dürli bezeg önümlerini we çoýun önümlerini öndürmek meýilleşdirilýär.

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabynda çarşenbe güni sebitde ilkinji himiki metaldan bezeg önümlerini öndürýän kärhana açyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Erkebaý Atamyradowa degişli bolan bu kärhanada ýaşaýyş jaýlaryny hem-de beýleki desgalary gurmakda peýdalanmaga niýetlenen metal önümlerini, dürli bezeg önümlerini we çoýun önümlerini öndürmek meýilleşdirilýär.

Ýyllyk kuwwaty 6 müň 552 tonna önüm çykarmaga barabar bolan kärhanada önümçilik bölüminden başga-da, taýýar önümi saklamak üçin ammar, dükanlar, işçiler üçin naharhana bina edildi.

Çarşenbe güni Daşoguz şäherinde 80 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary hem açyldy.

Dört gatly, 3 we 4 otagly iri panelli jaýlaryň ikisi “Türkmendemirbetonönümleri” döwlet kärhanasynyň Daşoguzdaky demirbeton önümleri zawodynyň gurluşyk bölüminiň hünärmenleri tarapyndan “Nowruz” kiçi etrapçada bina edildi. Täze öýlerde Daşoguzyň demirbeton önümleri zawodynyň öndüren diwar panelleri ulanyldy.

Şeýle jaýlaryň üçünjisi şäheriň Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda “Bagtyýarlyk ýoly” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy.