Geçen ýyl Belarusda 7.7 müň türkmen talyby bilim aldy

Geçen ýyl Belarusda 7.7 müň türkmen talyby bilim aldy
Türkmen ýaşlarynyň köp saýlaýan Ýanka Kupala adyndaky Grodno Döwlet Uniwersiteti

Belarus Respublikasynda türkmen talyplarynyň sany beýleki ýurtlara garanyňda has köpdür. Bu barada “Trend” habarlar agentiligi “Belstat”-a salgylanyp habar berýär.

Habara görä, Belarusyň döwlet ýokary okuw mekdeplerinde geçen ýylyň dowamynda 7.7 müň türkmen talyby bilim aldy.

Maglumatda beýan edilmegine görä, geçen ýylyň dowamynda ýurda giren raýatlaryň hasabynda Russiýadan soň Türkmenistan 4 müňden gowrak adam bilen ikinji orunda durýar. Olaryň aglabasy talyp ýaşlardan ybarat.

Şeýle hem iki ýurduň arasynda söwda dolanşygy 2017-nji ýylda 65 million dollardan ybarat bolan bolsa, bu görkeziji geçen ýyl 32,2 million dollara barabar boldy diýlip, saýtda beýan edilýär.

Belarusdan Türkmenistana ýük ulaglary, traktorlar, derman serişdeleri, agaç önümleri senagatynyň enjamlary, oba-hojalyk önümleri getirilýär.

Söwda-hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça iki ýurduň arasyndaky hökümata Ylalaşyga 2014-nji ýylda gol çekildi.

2022