Saud hökümeti Türkmenistandaky strategik taslamalary goldaýar

BT
Saud hökümeti Türkmenistandaky strategik taslamalary goldaýar
Saud Arabystan Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Halid Bin Faýsal Mustafa Al-Sahli

Saud Arabystanyň hökümeti Türkmenistanda strategik taslamalary goldamaga öz goşandyny goşmaga çalyşýar. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy şeýle taslamalaryň iň möhümi bolup durýar. Bu barada Saud Arabystan Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Halid Bin Faýsal Mustafa Al-Sahliniň duşenbe güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda aýdylýar.

Arap döwletleriniň arasynda Aşgabatda ilkinji ilçihana açan ýurduň Saud Arabystan Patyşalygydygyny beýan eden Al-Sahli “Aramco” we beýleki iri saud kompaniýalary Türkmenistanda amala aşyrylýan dürli taslamalara gatnaşmaga isleg bildirýär diýip belledi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-saud hökümetara iş toparynyň wajyp ähmiýetine ünsi çeken Al-Sahli bu iş toparynyň täze mümkinçilikleriň döremegine we söwda dolanyşygynyň işjeňleşmegine, şeýle-de dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ýardam edýändigini beýan etdi.

Saud ilçi makalasynyň dowamynda sentýabr aýynyň 10-11-i aralygynda Türkmenistana sapar bilen gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, döwlet ministri Emir Turki bin Muhammed bin Fahad bin Abdul Aziz Al Saudynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde täze tapgyry açandygyny ýazdy.

Döwlet Baştutanymyz bu duşuşygyň dowamynda Saud Arabystanyndan bolan hyzmatdaşlara nebitgaz, himiýa we oba hojalyk pudaklaryndaky bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna garamagy teklip edipdi.