London we Sidneýiň arasy 4 sagada düşer

London we Sidneýiň arasy 4 sagada düşer
“Sabre” howa gämisi sesden 5 esse çalt (sagatda ortaça 6,700 kilometr) uçmaga mümkinçilik döreder.

London we Sidneýiň aralygyndaky howa gatnawlarynyň wagty 2030-njy ýyla çenli 4 sagada çenli azalyp biler.

“Independent” neşiriniň habaryna görä, Birleşen Patyşalygyň kosmos agentliginiň direktory Graham Turnok “Reaction Engines” kompaniýasynyň “Sabre” hereketlendirijileriniň ulanylmagynyň Birleşen Patyşalyk bilen Awstraliýanyň aralygyndaky howa gatnawynyň wagtyny 4 sagada çenli azaldyp biljekdigini belledi.

Sişenbe güni Birleşen Patyşalygyň kosmos agentligi Awstraliýanyň kosmos agentligi bilen dünýäde ilkinji “Kosmos köprüsini” gurmak boýunça ylalaşyga gelendiklerini mälim etdi.

Howa gämisiniň sesden 5 esse çalt (sagatda ortaça 6,700 kilometr) uçmagyna mümkinçilik döretjek “Sabre” hereketlendirijisi roketa tehnologiýasynyň gibrid görnüşi bolmak bilen 2020-nji ýyllaryň ortalarynda ilkinji synag uçuşlaryny amala aşyrmagyna garaşylýar. Täjirçilik maksatly uçuşlarda bolsa, 2030-njy ýyla çenli ulanylyşa girizmek meýilleşdirilýär.

Häzirki gün bu iki meşhur şäheriň arasyndaky uçuş wagty tranzit geçişleri bilen bilelikde 24 bilen 32 sagadyň arasynda üýtgeýär.

2022